äginmek işlik

  1. Aýak çekmek, biraz durmak.

    • Ýagdaý äginmän hereket etmegi talap edýär. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Bir garryja aýal içeri girdi, Ägindi az wagt, geçmedi dula. (A. Kekilow, Söýgi)

  2. Giden ýeriňde ýa bir iş edeňde saklanmak, eglenmek.

    • Wepa şatlyk bilen ştabdan çykyp, hiç ýerde äginmän gaýdyp geldi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

    • Seniň eger janyňa haýpyň gelýän bolsa, äginme-de derrew torbany doldur! (Myraly)