ädimletmek işlik

  1. Ädim ätdirmek, gadam urdurmak, ädim bilen ýöretmek.

  2. Belli bir aralygy ölçetmek, ölçäp gördürmek.

    • Şu iki aralygy ädimletdi.

  3. Hereket etdirmek, öňe gitdirmek, ösdürmek.

    • Biz olaryň hemme kemçiliklerini düzetmeli, olary-da öňe baka ädimletmeli. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýär goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ädimletmek - ädimledýär, ädimleder, ädimledipdir.