Ädim ätmek, ädim ädip gitmek, barmak, ýörmek.
Oňa tarap batly-batly ädimläp gelýär. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Ol giň ädimläp öýlerine gitdi. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)
Çünki gorkusyndan ýaňa düýeleriň aýaklary bütin göwresine çenli saňňyldaýar we aýaklary darajyk duşalan ýaly zordan ädimleýärdiler. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Ädim ädip belli bir aralygy, giňligi ölçemek, ölçäp görmek.
Onuň töweregini ädimlände, sanyny ýitirdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Öküziň meýidine çenli bolan aralygy-da ädimläp ölçedi. (N. Pomma, Egri eýikmez)
Göçme manyda Hereket etmek, gadam basmak, öňe gitmek.
Beýle sözler bilen geljege ädimläp bolmaz. (K. Işanow, Watan üçin)
Ol kyrk bäş ýaşynyň hemmesini minnetli kişi zähmetinde agyr jepalar bilen ädimlän aýaldy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)
seret ätlemek
Meýhananyň işiginden ädimläp girdi. («Görogly» eposy)
Ädimiňi uzyn edip ýuwaşja ýöremek.