Ýörişde aýak hereketiniň aralygy, gadam.
Potdan, ylgaşan ýerimiz ýüz ädimden köp däl welin, eýýäm haşlap dursuň! (N. Pomma, Egri eýikmez)
Ol guýynyň gyrasyndan iki ädim gaýrada durup, bedresini guýa sallamaga durdy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Şonuň üçin hem on-ýigrimi ädim sag gapdalyna bakan süýşüp, selçeňräk çöplügiň içinden bukdaklap gitdi. (B. Kerbabaýew, Yhlasa-Myrat)
Göçme manyda Hereket, iş.
Ýakyn, uzak däl; tiz, derrew.
Ol bu ýerden bir ädim ýokdur. (B. Gurbanow, Çarwa Mergeniň gürrüňi)
Bir ädimde bararsyň. Bir ädim öňüňi görjek gümanyň ýok. (B. Gurbanow, Çarwa Mergeniň gürrüňi)
Hereket etmek, gadam urmak, ýöremek, öňe gitmek.
Çygly çägäniň üstünde ädim urýan adamlaryň hemmesi bir küýdedi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Adam durmuş bilen deň ädim urmaly. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Ýygyndy «goşun» ädim urmasyny bilmän, «sag» diýende, çepe, «çepe» diýende, sag döndi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Tiz ýöremek, çalt gitmek.
Düýe mähnet agyr ädimlerini barha çaltlandyrýardy.
Bir işe girişmezden öňürti, ýalňyşmazlyk üçin şol hereketi hemme taraplaýyn göz öňüne getirmek, barlap görmek, habardar bolmak, gitjek ýoluňy, etjek işiňi anyklamak.
Men seniň ätjek ädimiňi seljerip ätmegiňi isleýärin. (B. Kerbabaýew, Nebitdag)
Hemme ýerde, ähli ýerde, hemişe, hemme wagt.
Ýazyň günleri onuň ýaly otlar her ädimde duşýar.