ädik

Uzyn gonçly aýakgap.

  • Annagula ädik we papak berdiler. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  • Gylyç Gajar ogly köwüş geýeninden ädik geýenini on esse gowy görýär. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

  • Hojamyrat siziň ädigiňizi ýagladymy? ! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Agýaryň ýiti toýnagy Magtymyň ädiginiň gonjuny böwüsse-de tenini çala gyzartsa-da, injigine zyýan ýetirmändi. (B. Kerbabaýew, Nebitdag)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ädik - ädigi.

ädik çykartmak

Adat boýunça öýlenen ýigidiň gelnine birinji gijede ädigini çykartdyryp, aýal maşgalanyň adamsyna bolan ilkinji hyzmaty hökmünde iş başarjaňlygyny barlap görmek.

  • Artyk oňa ädik çykartmakdan, guşak çözdürmekden geçip, bir baş ýüzükçileriň ýanyna bardy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Ädik çykardylanda, eliniň tersi bilen zyňyp goýberdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

hrom ädik

Gaýyşdan edilen ädik.

sagry ädik

Mal hamynyň sagrysyndan tikilen gowy ädik.