Seretmek, garamak, bakmak, görmek, esetmek.
Oturanlar Hekimiň äňedýän tarapyna bakyp ykjamlandylar. (B. Seýtäkow, Gyz salgydy)
Ýaňy men äpişgeden äňedip durkam, dessine seni tanadym. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)
Ol näçe äňetse-de, kimdigini aňşyryp bilmedi. (B. Gurbanow, Duşuşyk)
Bir zada gözegçilik etmek, bir zat hakynda alada etmek, agyry etmek, bir zadyň ugruna seretmek, esetmek.
Aýaly kesellä äňetmelidi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Belli bir maksat bilen bakmak, gözden geçirmek, barlap görmek.
Bir tarapa bakyp durmak, bir tarapa ýüzlenen bolmak.
Onuň baýra tarap äňedip duran äpişgesi giňden açykdy. («Mydam taýýar» gazeti)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýär goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem äňetmek - äňedýär, äňeder, äňedipdir.