äň äň

Kelle-süňki bilen birleşýän eňek süňki.

  • Ol aýalyň agzyndan äňi ýazaýsa nätjek?! -- diýdi. (H. Ysmaýylow, Powestler)

  • Onuň äňini ýazdyrdyňyz. (H. Ysmaýylow, Mugallymyň gyzy)

  • Pökgen bolsa ullakan äňini giňden açyp, gözlerini hem mölertdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

äňi açylan ýaly

Ýerliksiz köp gürleýän, ýürege düşgünç gürrüňler edýän, samrap oturýan, bolgusyz gürrüňler bilen irizýän adam.

  • Ol bir gürüňe başlasa, edil äňi açylan ýaly birsyhly samrap otyr.

äňi açylmak

Ýadamak, lüti çykmak, leji çykmak.

  • Bütin gün işläp äňim açyldy.


Duş gelýän formalary
  • äňdir
  • äňi
  • äňimi
  • äňimizi
  • äňin
  • äňinde
  • äňinden
  • äňine
  • äňini
  • äňiniň
  • äňiň
  • äňleri
  • äňlerimiz
  • äňleriniň
  • äňleriň
  • äňmi
  • äňsiz