ä ümlük

  1. Aýratynlykda, sözüň öňünden we soňundan gelende aşakdaky ýaly funksiýalarda ulanylýan: Soragy aňladýar.

    • Ä? Ol gelendir-ä?

  2. Intonasiýa bilen aýdylyp, emosional-eksperssiwlik gatnaşygy, geň galmaklygy, haýran galmaklygy görkezýär.

    • Ä... şeýle diýsene? !

  3. Açyk aýdylmazdan, saklanyp, kütgürilip geplenende getirilýär.

    • Ä, hüm, Hudaýberen emin, ynha görüp dursuň! («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  4. Hereketi-gymyldyny dogrudan-dogry bir obýekte ýa-da subýekte gönükdirmeklik ottenogyny berýär.

    • Bazara barsaň-da, üzüm-ä getirmänsiň? !

    • Jeren-ä heniz hem gelmändir!