el götermek

  1. Birini ýa-da bir zady saklamak, duruzmak, birine bir zady aýtmak üçin goluny ýokary galdyrmak.

  2. Biriniň buýrugy boýunça eliňi ýokary galdyrmak.

    • Eliňi göter!

  3. Öz razyçylygyny bildirip ses bermek.

    • Ýok, Ýefimowa el göterip bolmaz. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Ýa özüňe el götermeli bolar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Biziň el götermejegimizi bilýär. (B. Seýtäkow, Gyz salgydy)

  4. Urmak, ýençmek.

    • Indi bu ýigide eliňi göterseň, soňunu özüňden gör! («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Bolmasa, hiç wagt perzendine el götermek kakasy ony beýle rehimsiz urmazdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  5. Bir zatdan dänmek, araňy açmak, saklanmak, daşlaşmak, bir zada gaýdyp ýanaşmazlyk, bir zady taşlamak, terk etmek.

    • Ol bu pikirden el göterdi. (B. Seýtäkow, Gyz salgydy)

    • Şu päliňden el göter! («Tokmak» žurnaly)

    • Şu käriňden el götergin! (Ata Salyh, Saýlanan eserler)

Degişli sözi